Şamyrat Orazow – Soňky Aýdymym

Soňky Aýdymym – Şamyrat Orazow Lyrics Letra:
Bu meniň sen hakynda soňky aýdymym
Senem ýadyňda sakla meniň aýdanym
Tiken üstüne basmasyn seniň aýagyň
Saňa bagt dileýän onam aýdaýyn

Dileg etdim peýdasy bolmady asla
Peýdasyny taparys Hak ugruna etse
Indi seniň ýolyň aýra meň ýolum aýra
Görseň meni ýolda-yzda salamsyz goýma

Ah ýyllar aldy gitdi seni menden
Aýrylmak söýgä däp boldy öňden
Gün-günden unudaryn menem belkem
Şonuň üçin gaty görme sen menden

Bu gün çal saçlarymy gara boýadym
Yşyklaryny söndürdim bütin otagyň
Ýaşlyk ýyllarmyzdan biraz sowadym
Geljegňe ýok indi meniň ynamym

%d blogueiros gostam disto: